Biz barada

Atavatan TV YouTube” kanaly 10 günde 15 göterim ösdi. Kanalymyzyň agza sany soňky 10 günde 15 göterim artyp jemi 11 500 agzadan geçdi. Iň soňky Wideo habarlary, gyzykly gepleşikleri we beýleki täsirli ýaýlymlary bilen gysga wagtda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan YouTube kanalymyz bu döwürde jemi 25 million 938 müň  gezek görkezildi. Kanalymyz bu döwürde jemi 1 million  676 müň gezek tomaşa edildi. Eýsem tomaşaçylarymyz näçe sagat we minut kanalymyzyň başynda wagt geçirdi? Kanalymyz şu döwre çenli 223 müň 795 sagat tomaşa edildi. Başgaça aýdanymyzda tomaşaçylarymyz jemi 13 million 400 müň minudyny Kanalymyza aýrypdyr.  Biz biziň üçin “wagtyny sarp edýän” tomaşaçylarymyza diňe bir gyzykly däl, eýsem peýdaly wagt geçirmelerine goşant goşmak isleýäris. Kanalymyza agza bolmak üçin şu ýere basyň!

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin

“Atavatan TV YouTube” kanalynda ýakynda “Online Iňlis dili” sapagy başlaýar. Iňlis dilini öwrenmek üçin goşmaça mugt mümkünçilik boljak bu taslamamyzyň hem tomaşaçylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylanar diýip umyt edýäris. Eger bu taslamamyz tomaşaçylarymyz tarapyndan halansa, onda biz Size “Online Matematika” sapagyny hem ýetireris.

Ýurdumyza syýahat edeýliň!

Kanalymyzda şeýle hem online syýahat gepleşikleriniň sany artar. Biz Size ýurdumyzyň ajaýyp künjekleri baradaky gepleşikleri ýetirmäge dowam ederis. Biz kanalymyzda öň Size “Kyrkgyz gowagy”, “Garagum Ýalkymy” baradaky syýahat gepleşikleri ýetiren bolsak, ýakynda “Seýitjemalletdin Ýädigärlik Toplumy” baradaky gepleşigi kanalymyza ýerleşdirdik. Global pandemiýa sebäpli çäklendirmeler aradan aýrylandan soňra biz Size diňe bir ýurdumyz barada däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinden syýahat gepleşikleri ýetireris.

 

Taryhymyzy sesli “okaýlyň”!

Saýtymyzda taryhymyz baradaky makalalary Size yzygiderli ýetirip gelýäris. Okamak üçin “wagty” bolmaýanlar üçin biz Kanalymyzda täze mümkinçilikler döredýäris we “Sesli Makalalary” Size ýetirip başladyk. Kanalymyzda “Beýik Seljuk döwleti” baradaky sesli makalalary diňläp bilersiňiz. Sesli makalalaryň gerimini has giňelderis.

Intellektual taslamalarymyz

Kanalymyz tarapyndan  “Intellekt Bonus” intellektual bäsleşik taýarlanyp tomaşaçylara ýetirildi. Jemi 4 tapgyr we Final bölümden ybarat bäsleşigiň 1-nji sezony ýakynda tamamlady. Iň gysga wagtda ikinji sezonyň ýazgysyna başlarys. “Intellektual Perspektiw” gepleşigimiziň bolsa 2 sanyny ýazgy etdik. Bu gepleşigimizde durmuş ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Online biznes sapagymyzyň jemi 8 sanyny ýazgy etdik we tomaşaçylarymyza ýetirdik. Intellektual taslamalarymyz gerimini giňeltmek bilen dowam eder.

Serial, gyzykly gepleşikler we beýlekiler

Biz “Ata Watan Ýyldyzlary” show gepleşiginiň jemi 30 sanyny ýazgy etdik we tomaşaçylarymyza ýetirdik. Show gepleşigimiz tomaşaçylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýakynda bolsa, has täsirli gepleşikler bilen tomaşaçylarymyzy begendireris. “Humaý” kino serialyň ýazgysy dowam edýär we iň gysga wagtda tomaşaçylarymyz serialymyza baha berer. Biziň kanalymyzda birnäçe dokumental filmler öz mynasyp ornuny tapdy.  Ejelerimiz baradaky dokumental filmler tomaşaçylarmyzda uly täsirler galdyrdy. Ýakynda dokumental filmlerimizi has artdyrarys. Kanalymyzda “Türkmenfilm” tarapyndan düşürilen birnäçe kinolary tomaşa edip bilersiňiz. Biz Size şeýle hem, birnäçe Türkmen şekilli aýdymlaryny ýetirdik. Kanalymyzda şeýle hem “Hepdelik Täleýnamalary” tapyp bilersiňiz!

https://youtube.com/c/AtavatanTv